Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin nobatdaky gezek işewürlik meýdançasyna öwrüldi.
Sergä gatnaşyjylaryň arasynda dökünleri, pestisidleri we tohum serişdelerini öndürmek boýunça hususy kuwwatlyklaryna eýe bolan «Merkez Anadolu Kimya» kompaniýasy hem bar. Giňişleýin satuw ulgamy we takyk guramaçylyk düzümi bilen kärhana Türkiýäniň ähli sebitlerini öz içine alýar we önümlerini dünýäniň 20-den gowrak ýurduna eksport edýär.
Kompaniýanyň wekili Emil Muradowyň bellemegine görä, öndürijiniň strategik maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, aýratyn hem Türkmenistanyň bazaryna çykmakdan ybaratdyr. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa diňe bir önümçilik işine däl, eýsem, bilim pudagyna hem täze ýewropa standartlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyryp, agronomlar üçin okuwlary we tejribe okuwlary guraýar.
Kompaniýa türkmen bazaryny işjeň öwrenýär we ýerli hünärmenler bilen hünär gatnaşyklaryny ýola goýýar. Kärhananyň önümçilik sanawyna ösümlikleri goramak serişdeleri bilen bir hatarda, tohumçylyk işleri hususy zawodlarynda alnyp barylýan pomidoryň we hyýaryň ýüz töweregi görnüşi girýär.
«Merkez Anadolu Kimya» kompaniýasy 2001-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Antalýanyň guralan senagat zolagynda himiki we organiki dökünleriň önümçiligini amala aşyrýar. Oba hojalyk pudagynyň bähbitlerine hyzmat etmek we dünýäniň oba hojalyk bazarynda öňdebaryjy orunlarynyň birini eýelemek öndürijiniň baş wezipesi bolup galýar.