Ï Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry

view-icon 134

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilip, Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Şunda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Medeniýet ulgamy diňe bir jemgyýetimiziň ruhy talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ösüş ýolunda Türkmenistanyň mundan beýläk-de öňe gitmegi babatda ägirt uly mümkinçilikleri hem özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklary aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýär. Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bu ugurdaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Şunda halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasyny saklaýjylar hem-de ýurdumyzyň iri ylmy merkezleri hasaplanýan muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, häzirki döwürdäki ägirt uly gazananlary baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda muzeýler diňe bir taryhy tapyndylaryň saklanýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iri ylmy-barlag, medeni aň-bilim merkezlerine hem öwrüldi.

Türkmenistanda muzeý işini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda gurlan täze muzeýler binagärlik keşbi, enjamlaşdyrylyşynyň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar milli muzeý işiniň esasyny düzýär. Döwlet hasabyna alnan 1 müň 400-den gowrak taryhy we medeni ýadygärligiň her biri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şolaryň hatarynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun, Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd we Gökdepe galasy bar. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary bolup, her biri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa umumadamzat gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Döwletimiz tarapyndan bu ulgamyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkidýän birnäçe resminamalar kabul edildi. Şolaryň arasynda “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň muzeý ulgamynyň işinde döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň muzeý toplumlarynyň öz internet sahypalary bar. Olarda muzeý bölümlerinden başga-da, dürli ýygyndylaryň wirtual 3D syýahatlary görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, www.virtualmuseum.gov.tm wirtual muzeý saýty döredildi. Onda ýurdumyzyň muzeýlerine wirtual gezelenç etmek, 360 gradusly panorama tehnologiýasy arkaly muzeý gymmatlyklaryny aýratynlykda gözden geçirmek, olar barada goşmaça maglumat almak, muzeýleriň döreýşi we ösüş taryhy bilen tanyşmak mümkindir. Şeýle hem saýtda dowam edýän sergileriň habarnamalary, ylmy neşirler görkezilendir.

Muzeýlere innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň medeni mirasyny, taryhyny, medeniýetini öwrenmäge hem-de wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaş nesliň taryha bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Umuman, Türkmenistanda muzeý işiniň ösdürilişi taryhyň we tehnologiýanyň ajaýyp utgaşmasyny emele getirýär. Milli mirasymyzyň döwlet derejesinde goralmagy, sanly ulgam arkaly dünýä ýaýylmagy türkmen halkynyň adamzat siwilizasiýasyna goşan goşandynyň has-da dabaralandyrylmagyna ýardam edýär.