Ï Balkan topragynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan topragynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi

view-icon 93
Balkan topragynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi
camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkanabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi.

Şu ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky abraýly ornuny has-da berkitdi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, ilki bilen, Balkanabat şäheriniň Uzboý köçesiniň ugry boýunça badalga berlen ýörişe gadam goýdular. Olar şäheriň «Türkmeniň ak öýi» binasyna çenli ýoly ýokary ruhubelentlikde geçdiler.

«Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň öňünde özboluşly toý-baýramçylyk joşguny höküm sürdi. Dabaranyň dowamynda Balkan welaýatynyň tans we halk döredijilik toparlarynyň türkmen toýlaryna mahsus milli däp-dessurlary, şeýle-de «Gelin alyjy» toýundan parçalary görkezmegi tolgundyryjy, şowhunly pursatlary özünde jemledi. Şeýle gyzykly çäreleriň biri welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada hem guraldy. «Talyplara nusga, geljege ýagty, eserleri Arkadagyň, Arkadagly Serdaryň!» atly bu edebi-sazly çykyşlar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň kalbynda ajaýyp duýgulary döretdi.

Arzyly myhmanlary güler ýüzli, düz-çörekli, dabaraly ýagdaýda garşy almagam halkymyzyň öňden gelýän asylly däbi. Şeýle däbe eýerilip, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde tutulan dabara-da baý mazmuna, egsilmez ruhy joşguna beslendi. Bu ýerde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri «Bedew batly at-myradyň mekany, bagta besläp Arkadagly zamany» diýen edebi-sazly çykyşy ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Kalplarda unudylmajak täsirleri galdyran «At çapar» sazynyň tansyny hem Günbatar sebitiň meşhur «Dehistan» «Dagdan», «Misserian», «Bagtyýarlyk», «Miras», «Balkan» döredijilik toparlarynyň çykyşlary bezedi.

Soňra welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň girelgesinde zehinli çagalaryň beýik döwrümizi taryplap, labyzly aýdan goşgularyny myhmanlar hoşallyk bilen garşyladylar. Muzeýde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna dagdan agajyndan ýasalan nalyň gowşurylan pursatlaram şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşlanyldy. Şeýle-de myhmanlar muzeýiň girelgesinde döwrebap derejede guralan nusgalyk el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň, milli senetkärligiň, at esbaplarynyň, halyçylyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergilerine aýlanyp gördüler.

Özboluşly baýramçylyk ruhunda geçen dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda dowam etdi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dabaranyň dowamyndaky görkezen çykyşlary balkanly tomaşaçylaryň çäksiz hormatydyr söýgüsine mynasyp boldy. Sirk ussatlarynyň bedewleriň üstündäki sazlaşykly hereketleri, görkezen oýunlarydyr çylşyrymly tilsimleri-de «Türkmeniň ak öýi» binasynyň üç müň orunlyk tomaşa zalyny dolduryp oturan janköýerleriň şatlyk-şowhunyny has belende galdyrdy.