Türkmenistanyň ýokary hilli «Bedew Jeans» haryt nyşanly jins önümleri aýratyn tanyşdyrylyşa mätäç däl. Ol bazarda bar bolan ýyllarynyň dowamynda alyjylaryň uly ynamyna eýe bolup, dürli ýaşdaky adamlar üçin ygtybarlylygyň we stiliň nyşanyna öwrüldi.

Önümlerde bedewiň şekili ýerleşdirilen «Bedew Jeans» haryt nyşany çuňňur manysyna eýedir. «Bedew Jeans» haryt nyşanly önümleriniň ýokary hili we kämil usuly ahalteke atlarynyň abraýy we asyllylygy bilen gönüden-göni utgaşýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň baglanyşykda bolsa bu nyşany aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Jins harytlary uzak möhletleýinliligi, oňaýlylygy we häzirki zaman meýillerine uýgunlaşýandygy sebäpli häzirki zaman geýimleriniň esasyny düzýär. 2025 – 2026-njy ýyllaryň möwsüminde «Bedew Jeans» haryt nyşanly önümler has döwrebap nusgalara – giň «beggi» görnüşlerine, aşagy giňeýän (klýoş) we wintaž dizaýnlara aýratyn üns berýär.

«Bedew Jeans» haryt nyşanly önümleri Ýewropanyň we Ýaponiýanyň kämil enjamlarynda öndürilýär we halkara standartlaryna doly laýyk gelýär. Önümçilikde ýüz göterim tebigy pagta ýa-da bedene gowy oturmagy üçin düzümine laýkra goşulan denim ulanylýar. Her bir önüm özüniň berkligi bilen tapawutlanýar we yzygiderli hil barlaglaryndan geçirilýär.
«Bedew Jeans» haryt nyşanly önümleri yzygiderli köpelýär. Şu günki täze önümleriň hatarynda dürli biçüwdäki erkek adamlar üçin jins balaklary, nusgawy jins kurtkalary, şeýle hem içi sütükli ýyly we göze ýaramly ýeňsizler bar.

Türkmenbaşy jins toplumy kuwwatly önümçilik merkezi bolup durýar. Kärhana «FunDay», «LC Waikiki», «Colins» we «Tвое» ýaly belli halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Belläp geçsek, «Zara», «Wrangler», «Lee», «Montana» we «Denigma» ýaly dünýä belli haryt nyşanly önümleri Türkmenistanyň fabriklerinde ygtyýarnama esasynda öndürilmegi ýerli önümçiligiň hiline bolan uly ynamyň subutnamasydyr. «Bedew Jeans» haryt nyşanly jins önümleri Russiýa, Türkiýä, ABŞ-a, Gazagystana we Ýewropanyň hem-de Aziýanyň beýleki döwletlerine eksport edilýär.

Müşderilere amatly bolmagy üçin Aşgabatda ýöriteleşdirilen dükanlar işleýär, önümleriň täze toplumlary bilen bolsa Türkmenbaşy jins toplumynyň resmi saýtynda tanyşmak mümkin.
Türkmenistanyň dokma senagaty milli ykdysadyýetiň strategik taýdan möhüm pudagy bolup, ol geljekde ösmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzda pagta ösdürip ýetişdirmekden başlap, taýýar ýokary hilli önümleri çykarmaga çenli ähli tehnologik tapgyrlary öz içine alýan bitewi önümçilik ulgamy döredildi.