Ï Moskwa şäherinde Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwa şäherinde Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

view-icon 122
Moskwa şäherinde Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre, şeýle-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Çäre jemgyýetçilik we akademiki düzümleriň wekillerini, atçylyk pudagynyň bilermenlerini, atçylyk sportynyň ussatlaryny, Russiýadaky türkmen diasporasynyň wekillerini, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de KHBS-iň wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew özüniň gutlag sözünde 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýändigini nygtady. Ýyldyrym deý ýüwrük bedewiň keşbi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky ösüş depginini şöhlelendirýär. Bu şygar 2026-njy ýylyň tutuş dowamynda Türkmenistanda geçiriljek syýasy we medeni çäreleriň çelgisi bolmak bilen, ýakyn geljek üçin ösüşiň ugruny kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, behişdi bedewleriň hakyky janköýeri we olara sarpa goýýan, ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sportuny yzygiderli wagyz edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz işleri we tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewi Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze işiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, E.Aýdogdyýew neşiriň bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, onuň sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi nygtady.

Dabaranyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersitetiniň türkmen talyplary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Rowaç» atly goşgusy esasynda döredilen edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Atçylygyň ylmy-çeperçilik muzeýiniň bölüm müdiri, «Ahal-Teke inform» maglumat-seljeriş almanahynyň baş redaktory Ý.Kuznesowa, Akademik W.W. Kalaşnikow adyndaky Bütinrussiýa atçylyk ylmy-barlag institutynyň uly ylmy işgäri, Ahalteke atçylygynyň seçgiçilik-tohumçylyk merkeziniň başlygy, Ahalteke tohum atlarynyň Döwlet tohumçylyk kitabynyň baş hasaba alyjysy N.Abramowa, şeýle-de Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň talyby, ussat sportçy, at eýesi, «МедиаКонь» atly atçylyk sporty baradaky şowhunly media taslamasynyň esaslandyryjysy P.Lazdyn çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmenler köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirdiler, kämilleşdirdiler, olaryň täsin aýratynlyklaryny saklap galdylar. Ahalteke bedewlerine mahsus bolan altynsow reňki, olaryň bezemen we nepis keşbi, ýelden ýüwrük ýyndamlygy, şeýle hem çäksiz gujur-gaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine çykaran tutanýerli seýisleriň, irginsiz atşynaslaryň köp ýyllyk işleriniň netijesidir.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.

«Meleguş» aýdymy dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Çäräniň çäklerinde Ilçihananyň binasynda mowzuklaýyn sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem behişdi ahalteke bedewleriň gözelligini çeper beýan edýän, Türkmenistanda we Russiýada düşürilen dürli fotosuratlar görkezildi.