Ï R.Meredow: Türkmenistan global hyzmatdaşlygyň binýadyny döredijidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

R.Meredow: Türkmenistan global hyzmatdaşlygyň binýadyny döredijidir

view-icon 135
R.Meredow: Türkmenistan global hyzmatdaşlygyň binýadyny döredijidir

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan wekilçilikli halkara maslahat geçirildi. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly geçirilen forum ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny seljermekde möhüm meýdança öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowyň çykyşy çärä gatnaşyjylaryň ünsini has hem özüne çekdi, onda häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary we filosofik esaslary aýdyň beýan edildi.

«Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary ýurduň halkara ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandyr. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň daşary syýasaty üýtgewsiz däl. Tersine, ol janlydyr, döredijilikli pikirleriň we hereketleriň beýanydyr. Türkmenistanyň diplomatiýasy hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyna berk daýanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň strategik görkezmelerini we innowasion başlangyçlaryny durmuşa geçirip, global ösüşlere eýerýär we köplenç olara ýolbaşçylyk edýär. Biz muňa ýurdumyzyň daşary syýasy gullugynyň netijeliliginiň baş kepilli hökmünde garaýarys» diýip, R.Meredow belledi.

Daşary işler ministri dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän ulgamlaýyn üýtgeşmeler şertlerinde, Türkmenistanyň geljekki dünýä gurluşyna bolan garaýşyny halkyň özboluşly taryhy tejribesine we esasy ahlak kadalaryna daýanyp kemala getirýändigini nygtady.

«Şu günki gün adaty ugurlaryň üstüne täze hakykatlar we wezipeler goşulýar, şol bir wagtda täze mümkinçilikler hem açylýar. Bu hakykatlar häzirki zaman şertlerinde has-da möhüm bolýan global dolandyryş we global bileleşikler meselesini öz içine alýar. Olar häzirki dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär we geljekki dünýä gurluşynyň esaslaryna täsir edýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň daşary syýasaty syýasatda, ykdysadyýetde, tehnologiýalarda we beýleki möhüm ugurlarda bolup geçýän üýtgeşmelere seslenip: Türkmenistanyň taryhyna we türkmen halkynyň tejribesine, özboluşly medeniýetine, däp-dessurlaryna, esasy ahlak hem-de etiki kadalaryna, durmuş-ykdysady we syýasy-hukuk ösüşinde gazanylan sepgitlerine daýanyp kemala getirýär» diýip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belläp geçdi.

Çykyşyň dowamynda, döwletleriň içerki işlerine goşulmazdan, syýasy we durmuş-ykdysady gurluşyň, medeni we ruhy gurluşyň taýýar ýörelgelerini girizmezden, olaryň milli aýratynlyklaryna hormat goýmak esasynda global özara gatnaşyklaryň geljekki ulgamynyň durmuşa geçirip boljakdygy aýratyn bellenildi.

Bu nukdaýnazardan, çykyş ediji Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugra goşjak goşandyna aýratyn orun berip, Türkmenistan BMG-niň Baş sekretarynyň «Geljek üçin pakt» we «BMG-80» başlangyçlaryny doly goldaýandygyny tassyklady. Forumyň münberinden halklaryň deňhukukly gepleşikleri üçin ýeke-täk esas hökmünde BMG-niň ählumumy kanunylygyny berkitmäge baradaky çagyryş ýaňlandy.

«Birleşen Milletler Guramasy halklaryň we döwletleriň özboluşly birleşmesi, medeni aragatnaşygyň we özara gatnaşyklaryň binýady hökmünde galmaly we pugtalandyrylmalydyr» diýip, çykyş ediji nygtady.

Durnukly howpsuzlyk baradaky temany dowam etdirip, R.Meredow halkara hukugynyň ewolýusiýasyna diňleýjileriň ünsini çekdi.

«Türkmenistan halkara hukugynyň geljekki dünýä gurluşynyň esasy şerti we iň ygtybarly daýanjy – global howpsuzlygyň we ösüşiň durnukly hem-de adalatly binýady bolmalydygyna berk ynanýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu teklibiň giňden goldanylmagy parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim bolar hem-de uzak möhletleýin oňyn netijeleri berer» diýip, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy sözüni jemledi.

Geçirilen maslahat Türkmenistanyň daşary syýasatynyň däplere wepalylygyň we döredijilikli täzelenişe taýýarlygyň utgaşmasydygyny ýene bir gezek subut etdi. Halkara gatnaşyklarynyň doly derejede ynsanperwerleşdirilmegine gönükdirilen garaýyş häzirki zaman dünýäsinde durnuklylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.