Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Rizwan Hana interwýu berdi. Söhbetdeşligiň esasy temalarynyň biri Türkmenistanyň energetika strategiýasy we iri transserhet taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boldy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ynamly saklaýandygyny ýatlatdy. Bu bolsa häzirki zaman geoykdysady şertlerinde ýurdumyzyň üstüne aýratyn jogapkärçilik ýükleýär.
«Şunda baş maksat energetika akymlaryny akylly-başly diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz, ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, syýasy derejede hem-de halkara hukuk nukdaýnazaryndan, häzirki ählumumy ösüşiň talaplary, özara bähbitlilik esasynda alyp barýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Interwýuda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi.
«Häzirki wagtda biziň ýurdumyz örän uly halkara taslamalaryň biri bolan Türkmenistan ̶ Owganystan ̶ Pakistan ̶ Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) amala aşyrýar. Bu gün TOPH-nyň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barlyp, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ol ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle-de Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, TOPH taslamasy syýasy durnuklylyk we ykdysady abadançylyk nukdaýnazaryndan hem ägirt uly ähmiýete eýe bolup, maýa goýum özüne çekijiligine eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri TOPH taslamasynyň ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny belledi we amerikan hyzmatdaşlarynyň oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine ýokary baha berjekdiklerine umyt bildirdi.