Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 105

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Oraza aýy ynsanperwer gatnaşyklaryň iň ýokary gymmatlyklaryny özünde jemläp, dialogy hem-de halklaryň arasynda agzybirligi pugtalandyrýar. Goý, bu mukaddes aý Türkmenistana agzybirlik, jebislik, abadançylyk getirsin, şeýle hem halklarymyzyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň we özara hormatyň has-da berkidilmegine ýardam etsin! Pursatdan peýdalanyp, iki halkyň bähbidine gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Wýosa Osmani SADRIU,
Kosowo Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Ishak GERSOG,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.