Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl

view-icon 87

Oba hojalyk toplumy

2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasyny amala aşyrmakda täze sepgitlere ýetilýändigini görkezdi. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak, oba hojalygyna döwrüň talabyna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bu syýasatyň möhüm ugrudyr.

13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Onda bellenilişi ýaly, geçen ýylda oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy ösüş depgini 113,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 109,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,9 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 267,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründäki ähli işleriň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilendigini nygtamak gerek.

Geçen ýylda hususy pudagy goldamaga we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk babatda uly işler amala aşyryldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz birnäçe degişli resminamalara gol çekdi. Geçen ýylyň 17-nji ýanwarynda welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ol sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ekilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça işleri düzgünleşdirýär. Mart aýynda gol çekilen Karar esasynda Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine agrotehnikanyň talaplaryna görä şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Azyk garaşsyzlygyny, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän maldarçylyk pudagy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet tarapyndan bu pudaga tohum mallaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iým binýadyny üpjün etmek, önümçiligiň senagat usullaryna geçmek üçin goldawlar berilýär. Häzirki döwürde pudagyň ösüşiniň ylmyň we tejribäniň berk arabaglanyşygyna esaslanmagy ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan, giň öri meýdanlaryndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Bu strategiýanyň çäklerinde geçen ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny bellenilen tertipde döretmek, institutyň Tertipnamasyny taýýarlamak we tassyklamak hakynda çözgüt kabul edildi. Täze edaranyň işi weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, öri meýdanlaryndan rejeli peýdalanmaga, maldarçylyk önümleriniň gaýtadan işlenilişini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Ylmy binýadyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, döwletimiz tarapyndan iri infrastruktura taslamalary hem durmuşa geçirilýär. Hususan-da, 2025-nji ýylyň martynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň kuwwatlyklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işine badalga berildi. Döwrebaplaşdyrylan toplum hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň dekabrynda işe girizildi. Taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde bar bolan desgalar abadanlaşdyrylyp, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan goşmaça binalardyr desgalar guruldy. Şeýle-de zerur bolan oba hojalyk tehnikalarydyr enjamlary, ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýokary önüm berýän iri şahly mallar satyn alyndy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçen ýylda durmuşa geçirilen ulgamlaýyn çäreler Diýarymyzyň mundan beýläk-de innowasion esasda ösmegi, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin berk binýady döretdi. Oba hojalyk pudagyny netijeli ösdürmäge, ekilýän ekinleriň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Gurulýan döwrebap önümçilik toplumlary öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesiniň netijeli ulanylmagyna esaslanýar.

Seçgiçilige we tohumçylyga ýöriteleşen ugurdaş ylmy merkezler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Ylmy barlaglara, oba hojalyk işgärleriniň işine berilýän goldawlar esasynda ýurdumyzda ekinleriň hasyllylygy yzygiderli artýar. Munuň özi ygtybarly azyk binýadyny üpjün edýär. Ekinleriň ýokary hasyl berýän görnüşlerini ekin dolanyşygyna girizmek tohumçylyk pudagyny innowasion esasda ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň alyp barýan işi bu babatda aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Institutyň alymlary tarapyndan bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» atly täze sortlary döredildi. Ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan täze bugdaý sortlary geçen ýylyň hasylynyň esasyny düzdi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, bugdaýyň öndürilýän möçberini artdyrmak, hasyl möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň tabşyrylmagy gallaçy daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň we pudaga gönükdirilýän iri möçberli döwlet goldawlarynyň netijesidir. Bu üstünlik oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi ugur edinýän özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Bu resminama kärendeçileriň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmäge, ýurdumyzda bugdaý önümçiliginde ýokary ösüş depgininiň gazanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Daşyndan getirilýän harytlary özümizde öndürmek, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylyk pudagy oba hojalyk toplumynyň wajyp ugrudyr. Tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak pudagy ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar.

Pagta ýurdumyzyň eksportynyň aýrylmaz bölegini eýelemek bilen, okgunly ösýän dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Bu kärhanalaryň halkara ülňülere laýyk gelýän önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýedir. Pagtaçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini doly güýjünde ulanmagyň çäklerinde ýokary hilli tohumlary taýýarlamak “ak altynyň” öndürilişiniň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň möhüm şertidir. Şu maksat bilen, pagtany gaýtadan işleýän düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça anyk çäreler görülýär. Bugdaý we gowaça bilen bir hatarda, ýeralma, gant şugundyry, şaly ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýerler bölünip berilýär. Täze bag we üzüm meýdanlary döredilýär. Oba hojalygynyň maldarçylyk, guşçulyk, balaryçylyk, ýüpekçilik ýaly ugurlary okgunly ösdürilýär. Bularyň ählisi işleriň guralyşynyň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagyny hem-de awtomatlaşdyrylmagyny talap edýär.

Oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygy onuň düýbünden täze ykdysady şertlerde — telekeçilik başlangyçlarynyň giň gerime eýe bolýan wagtynda alnyp barylýandygydyr. Toplumy ösdürmek boýunça iri möçberli işlere ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Olar ýyladyşhana hojalyklarynyň gerimini yzygiderli giňeldýärler. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumy şolaryň hataryndadyr. Paýdarlar jemgyýetleriniň işewürleri banan ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda, alma, armyt, garaly, badam ýaly miweli baglardan bol hasyl alýarlar. “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň, “Daýhan sarpasy” daýhan hojalygynyň ýyladyşhana şertlerinde alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle kärhanalar ýurdumyzyň sarp edijilerini ýylyň ähli paslynda ter gök önümlerdir miweler bilen üpjün edýärler.

Telekeçilik işini goldamak we höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde oba ýerlerinde halkymyzyň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçiligiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan ussat senetçiler milli däpleri nesilden-nesle geçirip, ýüpekden nepis matalardyr halylary taýýarlamagyň syrlaryny biziň günlerimize ýetiripdirler. Mälim bolşy ýaly, ýüpek çig maly eksport edilýän dokma önümleriniň wajyp bölegini düzýär. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň öndürýän önümleri diňe bir dokma we tikinçilik pudaklary üçin zerur bolman, eýsem, beýleki ulgamlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Soňky döwürde hususy öndürijiler tarapyndan ýüpekden el halylaryny dokamak, amaly-haşam sungatynyň, şol sanda milli keşdeçilik önümlerini taýýarlamak işi işjeň häsiýete eýe boldy. Munuň özi dürli reňklerdäki ýüplüklerdir sapaklara islegiň artmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary ýüňden we ýüpekden dürli önümleri öndürip, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň gaýtalanmajak nusgalaryny dikeldýärler. Ýeri gelende, geçen ýyl ýurdumyzyň pileçileriniň piläniň 2 müň 100 tonnadan gowragyny taýýarlandyklaryny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, azyk üpjünçilik ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi biodürlüligi gorap saklamak, ekologik abadançylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Bu işde ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, suw tygşytlaýjy usullaryň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň möçberini yzygiderli artdyrmagyň, işleriň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda suw hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Azyk howpsuzlygyny kemala getirmek we ýurdumyzyň sebitleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suw howdanlarynyň gurluşygy meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Suw gorlaryny döretmäge ýardam edýän bu desgalar bellenilen tertipde suwuň bökdençsiz paýlanylmagyny üpjün edýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy bu babatda wajyp taslama bolup durýar. Bu täsin suw desgasy sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýada uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça wezipeleri toplumlaýyn esasda çözmäge mümkinçilik berýär.

Ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek döwlet maksatnamasynyň aýrylmaz bölegidir. Geçen ýylda Germaniýanyň “PSE” kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrylan, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy “Bagtyýarlyk” desgasynyň açylmagy munuň mysalydyr. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanmaga berildi.

Türkmenistan suwdan rejeli peýdalanmagyň we serhetüsti suw serişdeleriniň dolanyşygynda netijeli dialogyň işjeň tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasy ugry halkara hukuk kadalaryna, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýar. Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň serhetüsti suwlary hem-de halkara kölleri peýdalanmak we goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy ählumumy ekologik maksatlara ygrarlylygyň aýdyň beýanydyr. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasy ýurdumyzyň bu komissiýanyň Helsinki konwensiýasynyň düzgünlerine üýtgewsiz eýerýändigini, dünýäde suw baýlyklaryny goramak işine goşant goşýandygyny tassyklaýar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygy pudagy tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, sebitde azyk durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn häsiýete eýe boldy. Şunda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin innowasion çözgütleriň utgaşdyrylmagyna, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport ugurlarynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berildi. Geçen ýylda BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy (FAO) bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry boldy. Bu gurama bilen alnyp barylýan işlerde tehniki goldaw bermek ugrundan giň gerimli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine geçmek meselesine üns berildi. Ýurdumyz 2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin FAO-nyň ýörite baýragyna mynasyp bolupdy.

Şeýlelikde, geçen ýylda gazanylan görkezijiler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Döredilen ylmy-önümçilik binýady, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösmegi, ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleri döredýär.