Ï Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

view-icon 172
Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bahar paslynyň möhüm wakalarynyň biri bolan «Turkmentravel – 2026» halkara forumyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer B.Seýidowa aprel aýynda geçiriljek çärä taýýarlygyň işjeň tapgyra geçendigini we forumyň maksatnamasynyň örän baý boljakdygyny habar berdi.

Forumyň çäklerinde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen bilelikde ýöriteleşdirilen okuw maslahaty we «tegelek stoluň» başyndaky iş duşuşyklary, şeýle hem syýahatçylyk pudagyndaky innowasiýalara bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmak isleýänleriň hasaba alyş işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň örän möhümdigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara forumynyň ýokary derejede guralmagyny we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ýokary derejede görkezilmegini tabşyrdy.