Ï Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

view-icon 114

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy.

Rabab Fatima wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Şeýle hem Rabab Fatima Gahryman Arkadagymyzyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda öňe süren möhüm başlangyçlarynyň BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz hanym Rabab Fatimany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.