Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 96

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine bugdaý uny, nah ýüplük, pagta soapstogynyň çig we distillirlenmedik ýagly turşulygy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 61 million 120 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi we nah matany satyn aldylar.