Ï Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 122
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

13-nji aprelden 19-njy aprel aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolup, güneşli günleri ýagyşly howa çalşyp durar. Howanyň temperaturasy +17 gradusdan +30 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagy mümkin. Howanyň temperaturasy gündizlerine +17...+19 gradusdan +23...+25 gradusa çenli, gijelerine bolsa +8...+10 gradusdan +15...+17 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15...+20 gradusdan +25...+30 gradusa çenli, gijelerine bolsa +7...+12 gradusdan +13...+18 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +21...+26 gradus, gijelerine bolsa +7...+12 gradusdan +11...+16 gradusa çenli maýyl bolar. Käbir ýerlerde ýagyş ýagar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +17...+22 gradusdan +27...+32 gradusa çenli, gijelerine bolsa +8...+13 gradusdan +11...+16 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15...+20 gradusdan +27...+32 gradusa çenli, gijelerine bolsa +6...+11 gradusdan +12...+17 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13...+18 gradusdan +25...+30 gradusa çenli, gijelerine bolsa +6...+11 gradusdan +12...+17 gradusa çenli maýyl bolar.