Ï «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi müňden gowrak iş ýeriniň döredilmegini üpjün eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi müňden gowrak iş ýeriniň döredilmegini üpjün eder

view-icon 801
«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi müňden gowrak iş ýeriniň döredilmegini üpjün eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler barada aýratyn belledi.

«Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri eksport mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi.

«Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.