Ï Owlak-guzy möwsümi üstünlikli jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owlak-guzy möwsümi üstünlikli jemlendi

view-icon 146
Owlak-guzy möwsümi üstünlikli jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maldarçylyk ulgamy döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Mary welaýat Maldarçylyk we guşçulyk önümçilik birleşiginiň welaýatdaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän kömek-goldawlar arkaly alynýan ýaş mallaryň hasabyna mallaryň baş sanyny artdyrmakda ýokary netijelere eýe bolýarlar. Olar maldarlaryň durmuşyndaky gyzgalaňly döwür bolan dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli jemlediler.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky iri hem öňdebaryjy «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň ussat maldarlary hem dowarlardan owlak-guzy almak baradaky şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyryklaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan bu zähmet üstünliginde hojalygyň birinji, ikinji, üçünji maldarçylyk bölümleriniň kärendeçi çopanlarynyň mynasyp paýy bar. Hojalygyň maldarlarynyň öňlerinde durýan indiki wezipe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dowarlardan alnan ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmekden ybarat. Hut şoňa görä, alnan owlak-guzular hojalygyň maldarçylyk hünärmenleriniň yhlas-aladasy bilen gurşalyp alynýar.

Olar häzirki günlerde dowar mallaryny bakýan kärendeçi çopanlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, dowardarlara alnan ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmek baradaky gymmatly maslahatlaryny berýärler. Şonuň netijesinde öri meýdanlarynda ýaş mallara ideg etmek işleri zooweterinariýanyň talaplaryna doly laýyk alnyp barylýar. Dowarlaryň hojalygyň bol ot-çöpli Täze guýy, Harazly, ýaly öri meýdanlarynda bakylmagy ýaş mallaryň sagdyn ösmegine şert döredýär. «Maldar» maldarçylyk hojalygynda tomus döwründe dowarlary, ylaýta-da şu ýyl alnan ýaş mallary suw hem ot bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin öňünden möhüm çäreler işlenilip düzülýär. Ilkinji nobatda guýulardan suw çykarýan tehnikalar, guýular, nowalar möwsüme birkemsiz taýýar edilýär.

Dowar sürüleri hojalygyň öri meýdanlarynda guýularyň suw berijilik mümkinçiligine görä ýerleşdirilýär. Häzirki günlerde tebigy otlaryň bol öri meýdanlaryndan rejeli, tygşytly peýdalanmaklyk hem hojalygyň maldarlarynyň baş aladasy bolup durýar. Maldarlaryň durmuşyndaky jogapkärli möwsümi üstünlikli jemlän hojalygyň dowardarlary, häzirki wagtda dowarlaryň ýaz gyrkymyny guramaçylykly alyp barýarlar. Olar zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar.