Ï Paýtagtymyzda multimedia žurnalistikasyna we döwrebap sanly gurallara bagyşlanan okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda multimedia žurnalistikasyna we döwrebap sanly gurallara bagyşlanan okuw geçirildi

view-icon 77
Paýtagtymyzda multimedia žurnalistikasyna we döwrebap sanly gurallara bagyşlanan okuw geçirildi

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ýurdumyzyň guramanyň öňünde saýlap alan borçnamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini özgertmäge ýardam bermegini dowam etdirýär. 21 – 23-nji aprel aralygynda paýtagtymyzda multimedia žurnalistikasyna we döwrebap sanly gurallara bagyşlanan okuw geçirildi.

Okuwa metbugat neşirleriň, onlaýn-portallaryň işgärleri we inflýuenserler gatnaşdylar. Bilermen-tälimçiler Ýuriý Zwýaginsew (Russiýa Federasiýasy) we Alekseý Terehow onlaýn görnüşinde sanly gurşawda jemgyýetçilik ähmiýetli mowzuklary beýan etmegiň usullaryny görkezdiler. Okuwyň esasy wezipesi habarlary giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli we özüne çekiji görnüşe getirmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda maglumat giňişligi ýokary hereketliligi we kontentiň artygy bilen häsiýetlenýär. 2025 – 2026-njy ýyllarda şahsy isleglerine uýgunlaşmagy we emeli aňyň ornaşdyrylmagy esasy meýillere öwrüldi. Auditoriýanyň ünsüni çekmek ugrundaky bäsleşikde mobil surata düşürmegiň endiklerine we neýroulgamlary dolandyrmagyň usullaryna ýokary derejede eýe bolýanlar utuş gazanýarlar.

Okuwyň dowamynda prompt-inžiniringden kontekst-inžiniringe geçmäge aýratyn üns berildi. Bu emeli aňdan has takyk netijeleri almak üçin berilýän maglumatlaryň kontekstini taslamagyň düzgünidir. Şeýle ulgamlaýyn tejribe – nusgalaryň we ölçegleriň ulanylmagy – neýroulgamlaryň işiniň durnukly ýokary hilini üpjün edýär. Şu günki günde emeli aň bilen işlemek ukyby žurnalist üçin hakykaty barlamak (faktçeking) we sowatly ýazuw ýaly esasy endikleriň birine öwrülýär.

Şunuň bilen birlikde, hünärmenler tehnologiýalaryň nusgawy storitellingiň ornuny tutup bilmejekdigini bellediler. «Adamlar hakynda we adamlar üçin» ýazylýan uly göwrümli makalalary (longridleri) taýýarlamak ukyby çuňňur manylary açyp görkezmekde iň möhüm endik bolup galýar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rýune Kastbergiň bellemegine görä, häzirki wagtda onlaýn köpçülikleýin habar beriş serişdeler maglumat giňişliginde agdyklyk edýän güýje öwrüldi, bu bolsa hünärmenleri taýýarlamaga täze talaplary goýýar:

Türkmenistan 35 ýyla golaý wagt bäri ÝHHG-niň agzasy bolup durýar we şu döwrüň dowamynda ýurt öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde, şol sanda media ulgamyny ösdürmekde yzygiderli tagalla edýär. Geçen ýyl biziň Merkezimiz media sowatlylygy boýunça milli tälimçileriň toparyny taýýarlady we olar eýýäm ajaýyp netijeleri görkezdiler. Häzirki okuwyň wezipeleriniň biri hem täze hünärmenler toparyny – bu gezek multimedia žurnalistika boýunça hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.