Aprel aýynyň soňky gününde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Oňa derňew we ylmy-barlag merkezleriniň, halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu, elbetde, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň Konrad Adenauer adyndaky gazna bilen hyzmatdaşlykda guraýan ilkinji uly möçberli maslahaty däl.
Bu gezek forumyň gün tertibi häzirki sebit howpsuzlygy meselelerine we olaryň ýakyn geljekde ösüşini kesgitlemäge gönükdirildi. Forumyň esasy çäreleriniň maksatnamasy umumy mejlisden we sebitara mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylan dört sany mowzuklaýyn bölümden ybarat boldy. Maslahatyň netijeleri boýunça sebitde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, howp-hatarlary azaltmaga, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga gönükdirilen amaly teklipler işlenip düzüldi.

Mowzuky mejlisleriň birinde çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Şiri Şiriýew: «Soňky ýyllarda özara düşünişmegi berkitmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz meýil görkezýän Merkezi Aziýa gepleşikler, ynanyşma we ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak esasynda sebit howpsuzlygy binagärligini kemala getirmek üçin, hil taýdan täze bir esas döredýär» diýip, belledi. Ş.Şiriýew, şeýle hem bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň we özara hormat hem deňhukuklylyk ýörelgelerine eýermegiň sebitdäki ýurtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek hem mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin esasy şertler bolup galýandygyny belledi. Şunda sebitde durnukly we deňagramly howpsuzlyk binagärligini kemala getirmek sebit ýurtlarynyň kynçylyklardyr howplary näderejede özleri üçin mümkinçiliklere öwrüp biljekdigine bagly bolar.