Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýagdaýy we şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda ýokary halkara güwänamalaryna mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.
Häzirki döwürde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berklik we amatlylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyny we Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyz säher bilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň gurluşyklarynyň dowam edýän ýerine geldi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bereketli bahar pasly bu künjegiň tebigatyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Köpetdagyň eteginiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren täze şäheriň binagärlik keşbi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda täze şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz asyrlar aşyp gelýän haýyrly işleriň künjegi hasaplanylýan metjidiň gurluşygyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, metjidiň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň Allanyň öýi hasaplanylýan kaşaň binanyň derejesine we ähmiýetine laýyk gelmegini üpjün eder.
Bu ýerde metjidiň esasy binasy bilen bir hatarda, onuň minaralarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň, girelgesiniň, metjidiň muzeýiniň gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň biri bolan metjidiň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine zerur üns berilmelidir. Şunda amala aşyrylýan işleriň uzak geljege gönükdirilýändigini ünsden düşürmeli däldir.
Gahryman Arkadagymyz metjidiň girelgeleriniň biriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derejesine we girelgäniň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. Bu ýerde adamlaryň amatly gelip-gitmekleri, girelgäniň, derwezesiniň abadanlaşdyrylyşy degişli binanyň ähmiýetine kybap gelmelidir. Munuň özi tutuş toplumyň binagärlik sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirer diýip, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýoluny dowam edip, täze şäheriň ähli çäklerinde bolşy ýaly, metjidiň ýanynda we onuň howlusynda ekiljek bag nahallarynyň ylmy esasda seçilip alynmalydygyny, şeýlelikde, bu ýerde ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Bu ýerde oturdyljak bag nahallary we dörediljek gök zolaklar metjidiň keşbi bilen sazlaşmalydyr.
Şol bir wagtyň özünde, metjidiň minaralarynyň gurluşyk aýratynlyklary we onuň daşynyň bezeg işleri, hem-de gümmezleriniň reňk sazlaşygy babatda ýurdumyzyň din wekilleri bilen maslahatlaşyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi wajypdyr. Munuň özi sogap işleriň berjaý bolýan metjidiň binalar toplumynyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere we ykrar edilen kadalara laýyk bolmagyny üpjün eder.
Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklar nazara alynýar. Bu bolsa şäheriň çäklerinde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, metjidiň çäklerinde alnyp barylýan işler bu künjegiň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir. Halkymyzda «Gurýan döwlet gurply” diýlişi ýaly, Arkadag şäheri indi ýurdumyzyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän ýene bir owadan şäherleriň biri boldy. Bu ýer adamlaryň islegleriniň hasyl bolýan, maksatlarynyň myrat tapýan ýeridir.
Halkymyzyň taryhyň dowamynda bina galdyrmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde – pederlerimiziň dünýä nusgalyk tejribesine daýanylmalydygyny we olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny aýtdy. Bu bolsa ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň iň kämil derejede alnyp barylmagyny şertlendirer.
Şol bir wagtyň özünde, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz metjidiň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, täze şäherde durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler Arkadag şäheriniň gözelligine gözellik goşmalydyr we bu işler şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny üpjün etmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze metjidiň esasy girelgesiniň ýanynda saklandy. Häzirki döwürde bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz metjidiň girelgesiniň toplumyň iň ähmiýetli desgalarynyň biridigini belläp, onuň bu ýere geljek adamlarda ýakymly täsir galdyrmalydygyny aýtdy.
Metjidiň esasy girelgesiniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg işlerine inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny, olaryň geljek nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülmelidigini belledi we bu babatda özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz metjidiň çäginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän däpleri häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän ebedilikler bu muzeýde öz beýanyny tapar.
Gahryman Arkadagymyz muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda täze şäheriň ýolbaşçylary bilen özüniň pikirlerini paýlaşdy. Bu muzeý metjidiň beýleki binalarynyň üstüni ýetirjek özboluşly desga boljakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz onuň gurluşygynyň depginleriniň güýçlendirilmelidigini we beýleki gurulýan desgalar bilen bir hatarda gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol bu ýerde il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet we halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, bu barada özüniň nesihatlaryny bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenseňiz maksadalaýyk bolar diýip belledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we durmuş maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, şäher seýilgähiniň çäklerinde ýerleşdiriljek şekilleriň görnüşlerine, halkara çärelerini geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygyna we bezeg işlerine degişli taslamalar we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.
Türkmenistanyň az gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr.
Bu işlerde her bir gurulýan desganyň binýadynyň berkden tutulmalydygyny, gurluşygyna iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, iň esasy hil babatda-da, dünýä ülňülerine laýyklykda-da ýokary görkezijilere kybap gelmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz, aýratyn-da, täze şäheriň birinji tapgyrynda bolşy ýaly, ikinji tapgyrynda hem sanlylaşdyrmak meselesine aýratyn ünsi çekdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň sanly intellektual eýeçiligi ösdürmek barada öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, döwrebaplaşdyrmagyň aýratynlyklaryny, hususan-da, peýdaly we amatlylyk, çäksiz mümkinçilik, ýeňillik ýaly taraplaryny durmuşa ornaşdyrmakda kesgitli we anyk çözgüt kabul etmelidigini nygtady. Bu işlerde binalaryň bezeg işleriniň sazlaşygyna zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, seýilgähiň we ulag ýollarynyň çäginde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekilleriň döwrebap bolmagy wajyp wezipe bolup durýar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda D.Orazow ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde, Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. .
Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, «akylly» şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň degişli derejede beýan edilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň halkara giňişliginde möhüm orna mynasyp bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň ilatynyň we edara kärhanalarynyň elektrik togy, tebigy gazy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýeti bolan saparyň jemleri boýunça ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde edilýän işler barada maglumat berdi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, gurluşyklarda ýokary hil derejesini üpjün etmegiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri ýokary derejede guramak we alyp barmak babatda degişli işleriň yzygiderli geçirilmelidigini aýtdy.
Soňra iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Şeýle hem Arkadag şäheriniň açylan pursatyndan bäri, sanly ýyllaryň içinde bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.
Gahryman Arkadagymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda biziň baş maksadymyz «Döwlet adam üçindir!» diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde ýurdumyzda giňden belleniljek şanly seneleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Türkmen halysynyň baýramyny dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk hem-de şanly seneleriň guramaçylykly geçirilmegini baş maksat edinýän baýramçylyk meýilnamalary barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, olara ilat köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Guraljak dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklarymyza bolan ählihalk söýgüsi we ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi öz beýanyny tapmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde we baýramçylyk çärelerini dabaralandyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.