Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 90

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu şanly baýram gününde Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlary ata Watanyň azatlygy ugrunda egin-egne berip söweşen hem-de ägirt uly pida çekip, dünýäni faşizmden halas eden ata-babalarymyzyň edermenligini hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarlar. Umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary baradaky hakydanyň geljekde hem rus-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Ýurduňyzda ýaşaýan uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Adamzadyň taryhyndaky iň gazaply uruşda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Bu beýik baýram biziň doganlyk halklarymyzyň synmaz erkiniň, deňi-taýy bolmadyk edermenliginiň, parahatçylyk we azatlyk ugrunda gahrymançylykly göreşiň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň aýdyň nyşanydyr. Biz söweş meýdanlarynda egin-egne berip söweşen weteranlarymyzy, tylda tutanýerli zähmet çeken ata-babalarymyzy belent sarpa goýmak bilen ýatlaýarys hem-de olara hemişe çäksiz hormatymyzy we hoşallygymyzy beýan edýäris.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda, ýokary derejedäki duşuşyklarymyzyň netijesinde okgunly ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna, gazanylan ähli ylalaşyklaryň doly amala aşyryljakdygyna hem-de hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, asudalyk, durnukly ösüş we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Ýeňiş güni mynasybetli Sizi hem-de doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz 9-njy maý gününde söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärliginiň öňünde tagzym edýäris, azatlygymyz ugrunda göreşen gahrymanlaryň, tylda zähmet çeken ata-babalarymyzyň sarpasyny belent tutýarys. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň belent ruhunyň geljekde hem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda barha pugtalandyrylýan gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyzyň deňi-taýy bolmadyk gahrymançylygynyň, edermenliginiň we pidakärliginiň nyşany hökmünde taryha giren umumy baýramçylygydyr. Esgerleriň we tylda zähmet çekenleriň faşizme garşy göreşde görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda baky galjak taryhy Ýeňşiň kepili boldy. Biz ýerini dolup bolmajak ýitgiler bilen öz Watanynyň azatlygyny goran ähli gahrymanlary çuňňur sarpa bilen ýatlaýarys. Ýowuz synaglarda taplanan dostluk we özara goldaw bermek däpleriniň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu baýram gününde Size, ähli uruş weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sene biziň pederlerimiziň Beýik Watançylyk urşunda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, edermenliginiň nyşany bolup durýar. Bu ýowuz synag biziň halklarymyzy parahatçylyk we azatlyk ugrundaky göreşde jebisleşdirdi.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde ýurtlarymyzyň arasynda köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu şanly sene ýowuz howpa garşy göreşde synmaz erkiň, gahrymançylygyň we agzybirligiň nyşany hökmünde Arkalaşygyň halklarynyň taryhynda müdimilik galar. Halklarymyzy jebisleşdiren bu Ýeňiş häzirki wagtda-da üýtgewsiz ahlak ýörelgesi bolup hyzmat edýär hem-de parahatçylygy we taryhy hakydany goramagyň möhümdigini ýatladýar. Uruş ýyllarynda taplanan doganlyk, özara goldaw ýörelgeleriniň geljekde hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Dmitriý KOBISKIÝ,
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu mukaddes baýram deňsiz-taýsyz edermenligiň, merdanalygyň we gahrymançylygyň nyşanydyr. Uruş weteranlarynyň, tylda zähmet çekenleriň hem-de Beýik Ýeňşe uly goşant goşan ähli ata-babalarymyzyň edermenligi biziň üçin ahlak nusgasy, parahatçylyk döredijilikli ösüşiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Beýik Ýeňiş baradaky hakyda biziň hemmämiz üçin edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de Watana wepalylygyň baky nusgasy bolup galýar.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin. Goý, maşgala ojaklarymyzda hemişe parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk höküm sürsün!

Hormatlamak bilen,

Bakytžan SAGINTAÝEW,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de dostlukly Türkmenistanyň ähli halkyny Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Russiýada we Türkmenistanda Watanymyzy gaýduwsyz goran hem-de dünýäni nasizmden halas eden sowet esgerleriniň, tylda zähmet çekenleriň gahrymançylygy, edermenligi baradaky hakyda aýawly saklanylýar. Olaryň edermenligi umumy taryhymyza hemişelik ýazylandyr. Halklarymyzyň gazaply uruş ýyllarynda taplanan dostlugynyň geljekde hem Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz nemes-faşistik basybalyjylara garşy söweşde üstün çykan şöhratly ata-babalarymyzyň edermenligini aýratyn sarpa bilen ýatlaýarys. Söweş meýdanlarynda hem-de tylda edermenlik görkezip, bize Beýik Ýeňşi peşgeş beren gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine hemişe hormat goýýarys. Uruş ýyllarynyň gazaply synagyndan geçen dostluk we özara goldaw bermek ýörelgeleriniň geljekde-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we Merkezi Aziýada parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere bagtyýarlyk, uzak ömür hem-de ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.