Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda gurap, köpugurly hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär we onuň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, syýasy babatda sebit howpsuzlygyny we özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny pugtalandyrmak üçin diplomatik gurallardan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak boýunça tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşykly diplomatik ugry işläp taýýarlamagy teklip edýär.
Türkmenistan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary ilerletmäge çalyşýar. Şunuň bilen bir hatarda, innowasiýa babatda özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ol ählumumy giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyň wajyp şerti bolup durýar.
Ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar babatda alyşmalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Saglygy goraýyş ulgamy hem tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistan bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda GDA ýurtlary bilen netijeli gatnaşyk edýär. Konsepsiýada ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, bu resminama köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljegi nazara alyp, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleri Aşgabada geldiler. Geňeşiň mejlisi paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde başlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzyň mähirli salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin ýygnananlara tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ykdysady ösüşiň durnuklylygyny, halklarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekde ýurtlarymyzy umumy bähbitler arkaly birleşdirýän möhüm meýdança bolup durýar. Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstaşyr ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, energetika, senagat hyzmatdaşlygy, sanly özgertmeler, azyk howpsuzlygy, suw-ekologiýa gün tertibi ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Şunda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan, Arkalaşygyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli çözgütleriniň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýerine ýetiriji gurama hökmünde GDA-nyň ykdysady Geňeşine möhüm orun degişlidir.
Türkmenistan öz tarapyndan geljegi nazara almak bilen, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama munuň aýdyň mysalydyr. Bu resminama GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyny düzdi. Onuň kabul edilmegi döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Türkmenistan GDA döwletleriniň ulag-kommunikasiýa, logistika we infrastruktura mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagyna uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli çäreleri görýär. Ýurdumyz durnukly Ýewraziýa ulag-logistika geçelgelerini döretmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň demir ýol ugurlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, GDA döwletleriniň arasynda multimodal gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy äşgärdir. Bu babatda Arkalaşygyň ulag ýollaryny Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça halkara geçelgeler bilen sazlaşdyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, bu ulgamda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermekde gatnaşyklary pugtalandyryp, elektroenergetika infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýa babatda netijeli tehnologiýalara, gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berýär. Ýurdumyz GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady ugry babatda özara söwdany, maýa goýum, işewürler işjeňligini höweslendirmegi we ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistan ekologiýa, howa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşip, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, tebigatdan rejeli peýdalanmak, obasenagat kooperasiýasy, ekologiýa ugurly taslamalar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Soňra mejlis öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşdüler.
Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Türkmen tarapy özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge, senagat integrasiýasynyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde özara bähbitlilige, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmaga, uzak möhletli strategik garaýyşlara esaslanýan hyzmatdaşlygyň durnukly gurallaryny döretmäge ylalaşykly çemeleşmeler zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag we logistikany, bu ulgamlarda, söwda ulgamynda sanly çözgütleri ösdürmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändigi aýdyldy.
Şeýle-de maslahat-sergi işi, senagat toplumynyň pudaklarynda sanly özgertmeler ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan innowasion ösüş ýoluna düşüp, ykdysadyýeti, şol sanda senagat, ulag pudaklaryny sanly özgertmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär. Häzirki zaman şertlerinde sanly we intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy senagat taýdan ösüşiň, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, önümçiligiň netijeliligini, hilini we çeýeligini ýokarlandyrmagyň, netijede, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmegiň möhüm şertidir. Söwda, ulag-logistika ulgamlarynda sanly çözgütleriň ulanylmagy harytlary ibermegiň logistika binýadyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi eksport-import amallaryny, tutuşlygyna söwda işlerini ýeňilleşdirýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” we degişli Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda sanly ulgama geçmek işiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlary bilen tassyklanyldy. Türkmenistan bu ugurda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine jogapkärli çemeleşip, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, energetika, himiýa we dokma senagaty, dag-magdan toplumy, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we beýleki birnäçe pudaklarda wajyp taslamalary durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygyny belleýär.
Türkmenistan tarapyndan 2027-nji ýylda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň, 2028-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Karaganda şäheriniň “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýlip yglan edilmegi hakyndaky çözgüt goldanyldy. Şunda Türkmenistanyň ynsanperwer we ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyga Arkalaşygyň döwletleriniň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň, uzak möhletli gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde garaýandygy aýdyldy.
Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde degişli guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Minsk şäherini (Belarus Respublikasy), 2028-nji ýylda Karaganda şäherini (Gazagystan Respublikasy) “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Bellenilişi ýaly, mejlisde GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Gün tertibine girizilen meseleleriň ählisi boýunça degişli çözgütler kabul edildi, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mejlisiň netijeleriniň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Şu mejlisi guramaga beren goldawy hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Mejlis ýokary derejede, işjeň we açyk dialog ýagdaýynda geçdi.
Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi döwletimiziň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.