Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

view-icon 95

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.