Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 88
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Aşgabada amala aşyrýan her bir saparynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigini belledi. Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmona iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Täjigistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Täjigistan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Täjigistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi. Elektroenergetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlary, bilelikdäki iri düzümleýin hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň hem wajypdygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda iki ýurduň hem dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.