Ï Önümçiligiň ösüş depgini barha ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümçiligiň ösüş depgini barha ýokarlanýar

view-icon 121
Önümçiligiň ösüş depgini barha ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine bolsa «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, güýçli depginlerde alnyp barylýan toplumlaýyn işler güwä geçýär.

Bu ugurda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ekologik taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümleriň uly tapgyrynyň öndürilýändigi guwançly bellenilmäge mynasypdyr. Has takygy, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ozalkylarynyň durkunyň düýpgöter täzelenmegi uglewodorod çig mal serişdeleriniň senagat taýdan gaýtadan işlenilýän möçberleriniň düýpli artmagyny şertlendirdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki bu baýry senagat kärhanasynda häzirki zamanyň tehnologiýalaryndan, innowasion usullaryndan we sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, önümçilik meýilnamalary üstünlikli berjaý edilýär. Şeýle-de türkmenbaşyly nebiti gaýtadan işleýjiler «gara altyny» senagat taýdan işlemekden alynýan nebit önümleriniň möçberlerini artdyrmakda mynasyp sepgitleri eýeleýärler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen hasabat döwründe toplumda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim üstünlikli berjaý edildi. Bu ýerde benzin, şol sanda dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamalaryna degişlilikde 113,7 we 108,7 göterim hötde gelindi. Çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy-da 122,1 göterim ýerine ýetirildi. Toplumda tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda hem gowy görkezijiler gazanylyp, degişli meýilnama 106,7 göterim amal edildi.

Milli senagatymyzyň baýry kerwenbaşysy hasaplanýan nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýakyn we uzak geljege gönükdirilen taslamalar hem kuwwatly önümçilik düzümleriniň ygtybarly ösüşlerini üpjün edýär. Dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän geçginli, bäsleşige ukyply önümlere içerki, daşarky bazarlarda-da islegler ýokarlanyp, olaryň hyrydarlary barha artýar. Şu günlerde-de nebiti gaýtadan işleýjiler mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny guwandyryjy önümçilik görkezijilerine beslemek maksady bilen has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.