Ï Mizemez dostlukdan nyşan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mizemez dostlukdan nyşan

view-icon 40

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki ýurduň dostlugynyň nyşany hökmünde halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň taryhy nyşany bolan iki sany türkmen alabaýyny iberdi. Türkmen halkynyň adyndan tatar halkyna iberilen özboluşly sowgat aýratyn hoşallyk we ruhubelentlik duýgusy bilen kabul edildi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Şunda dostlukly ýurduň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan göni gatnaşyklar dürli ugurlary öz içine alýar. Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edilen çözgütler hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine kuwwatly itergi berer.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar barha giňeldilýär. Itşynaslyk ýörelgelerini ösdürmek boýunça hem özara tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna ozal Akdost atly alabaýy sowgat berendigini bellemek gerek. Ynha, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň adyndan iberen Alabaý we Alaja atly arassa ganly tohum itleriniň Rustam Minnihanowa gowşurylmagy iki halkyň taryhy umumylyklaryna goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tatarystanyň Baştutany türkmen tarapyndan gowşurylan alabaýlary aýratyn hoşallyk we ruhubelentlik duýgusy bilen kabul etdi. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň çäklerinde itşynaslyk ylmyny ösdürmäge, Tatarystanda arassa ganly türkmen alabaýlaryny wagyz etmäge goşant goşar.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň dekabrynda “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini görkezýär. Türkmen alabaýlary tutuş dünýäde itşynaslygyň örän gadymy sungatynyň nusgasy hasaplanýar. Munuň özi türkmen halkynyň döreden gymmatlyklarynyň halkara giňişlikdäki nusgalyk derejesini tassyklaýar. Alabaýlar eýesiniň öý-emlägini goramakda, wepadarlykda aýratyn tapawutlanýar.

Türkmen topragyndan eltilen alabaýlar tatar topragynda hem tiz öwrenişdi we özboluşly hereketlerini görkezip, haýran galdyrdy.

Umuman, türkmen-tatar gatnaşyklary dürli ugurlarda işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär.