2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV Köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory Erfan Ali bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, onuň Türkmenistanyň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň çäklerindäki ähmiýetini nygtadylar.
Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri bilen bagly pikir alşyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitat-yň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýadyny döredendigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy 2026–2030-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň we hödürlemegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem taraplar geljekde geňeşmeleri guramak hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.