2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler federal ministrliginiň Ýewropa meseleleri boýunça döwlet ministri Günter Krihbbaumyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhümdigi bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan beýan edilen garaýşy aýratyn nygtap, durnukly parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde diplomatiýanyň, öňüni alyş mehanizmleriniň hem-de ynanyşykly dialogyň ähmiýetini belledi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini, şol sanda german kompaniýalary bilen uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini bellediler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, şol sanda bilim, adam kapitalyny ösdürmek, akademiki we hünär alyşmalaryny giňeltmek meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de durnukly ösüşe we parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin “Merkezi Aziýa – Germaniýa” görnüşindäki dialogyň ähmiýeti nygtaldy.