Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 118

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan çagalaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Parasatly pederlerimiziň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz», «Bal süýji, baldan bala süýji» diýen dürdäne jümlelerinde halkymyzyň iň gowy zatlary çagalara bagyş etmek, olary aýratyn üns we söýgi bilen gurşap almak ýaly asylly däpleri aýdyň ýüze çykýar. Çünki bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň nyşanydyr. Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ajaýyp owaz has belentden ýaňlanýar. Siz ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklaryny, watançy, päk ahlakly, merdana, halal adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlediňiz. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, durmuşymyzyň gül-gunçalarydyr. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Her ýylda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň, köp çagaly maşgalalara amatly we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan öýleriň berilmegi hem döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň beýanydyr.

Gözel Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri bolsa ýaş nesillerimiziň sapaly dynç alyp, wagtyny şatlykly geçirmeklerine ýardam edýär. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, kabul edilýän maksatnamalar çagalaryň mynasyp okamaklaryna, döretmeklerine, bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň tagallalaryňyz bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan asylly işlerine hem möhüm orun degişlidir. Niçeme ynsanyň kalbynda bagtly durmuşa ynamyň döremegine sebäp bolan bu gaznanyň işi ýaş türkmenistanlylaryň nurana şu güni we röwşen geljegi baradaky aladalaryň ajaýyp nyşany hökmünde watandaşlarymyzyň giň goldawyna mynasyp bolýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreler geçirilýär. Onuň milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi döwletimiziň ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Türkmenistan Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklan ýurtlaryň biri hökmünde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda gazanylan üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilmegi ýaşajyk raýatlarymyza iň gowy durmuş şertlerini döretmäge jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi bagtly çagalygyň ýurdy bolan Garaşsyz Türkmenistanda ruhubelentlikde bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşymyzyň gülleri bolan bagtyýar çagalara nurana geljegi peşgeş bermek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.