Berkarar döwletimiziň eziz körpeleri!
Hormatly watandaşlar!
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde giňden tanalýan Watanymyzda bu halkara senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň şadyýan körpelerimiziň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we aýdyň geljegimize ynamy has-da berkitjekdigine pugta ynanýaryn.
Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk hem-de parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, çagalaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi bilen birlikde, gözel Diýarymyzda bu baýramy belent dabaralara besläp, ýokary ruhubelentlikde belleýäris.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem jemgyýetçilik durmuşymyzda mynasyp orun alan bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly çäreler giňden guralýar. Durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň berkarar döwletimizi, agzybir halkymyzy, ajaýyp zamanamyzy, dostlugy we parahatçylygy wasp edýän şirin aýdym-sazlary, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy bagtyýar çagalygyň Diýary hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar.
Eziz çagalar!
Ýurdumyzda çagalar aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýar. Sebäbi berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleri, dynç alyş merkezlerini we seýilgähleri yzygiderli gurýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly gurama öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç körpelerimiziň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda dünýä nusgalyk asylly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar nesillerimiz hakyndaky aladalar biziň nurana ertirimize tarap ynamly hem-de buýsançly gadamlarymyzdyr.
Hormatly adamlar!
Eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň kämil derejede ösmeginde örän uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bolansoň, her bir şahsyýetde şöhratly taryhymyzyň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän milli buýsanç duýgusyny terbiýelemäge, maşgala mukaddesliklerini we gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmäge, köp çagaly maşgalalary goldamaga hem-de höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berýäris. Biz dünýä ýurtlary we halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen eneleriň we çagalaryň saglygyny hem-de hukugyny goramak, ýaş nesillere ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda bilim-terbiýe bermek bilen bagly hyzmatdaşlygy has-da ösdürýäris. Bularyň ählisi adamzadyň parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryny rowaçlandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar çagalary!
Eziz watandaşlar!
Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlansyn dursun!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.