Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 130
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmegiň, bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmegiň, ekerançylyk meýdanlaryndaky oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleriniň möçberini artdyrmak hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça ideg etmekde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, galla oragyna ýokary guramaçylykly girişmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Gowaça ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine taýýarlyk görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Sebitde şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy, baýramçylyk mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.

Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Soňra T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň we bu möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.