Ï Çagalaryň dynç alyş möwsümi başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň dynç alyş möwsümi başlady

view-icon 99
Çagalaryň dynç alyş möwsümi başlady
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär.

Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr.

Esasan hem, bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda umumymilli we halkara möçberinde çagalar sagaldyş merkezlerinde we dünýäniň çar künjünden gelýän çagalaryň dynç almaklary üçin has oňaýly şertler döredilýär.

Güneşe baý tomus paslynda bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň gözelligine görk goşýar. Okuw möwsümini tamamlan çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesindäki hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şadyýan dynç alýarlar.

Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillere oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Bu dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Merkezlerde ýörite lukman otaglary bolup, olarda çagalaryň oýnaýan ýerlerinde, howuzlarda düýpli arassaçylyk işleri geçirilip, olaryň iýmitleriniň tagamnamasy lukmanlar bilen maslahatlaşylyp düzülýär. Merkezlerde tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek maksady bilen, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli oýunlar boýunça ýaryşlar, aýdym-saz, şekillendiriş döredijilik ugurlary boýunça bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençleri hem meýilleşdirilýär.

Ýaş nesilleriň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri olaryň ruhy we fiziki taýdan kämilleşmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň, ata Watanymyza bolan söýgüsiniň has-da artmagyna, täze okuw ýylyna ruhubelent gadam basmaklaryna ýardam edýär.

Öwezgeldi Atageldiýew,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi, ikinji derejeli ýurist.