Ï Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 126
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçirilmegi bilen bagly meselelerine, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.