Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasyna gatnaşdy

view-icon 200

Ženewada geçirilýän Halkara Zähmet Maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Öz çykyşynda degişli edaranyň ýolbaşçysy Halkara Zähmet Guramasynyň şu gezekki sessiýasynyň mynasyp zähmeti üpjün etmek üçin emeli aňdan peýdalanmak meselesine bagyşlanmagynyň aýratyn möhümdigini belledi. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümetini kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan emeli aňdan peýdalanmakda adama gönükdirilen çemeleşmäni goldaýar; bu çemeleşmede tehnologik ösüş hünär başarnyklarynyň ösdürilmegine, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we jemgyýetiň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän bilelikdäki başlangyçlaryň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa bolsa öz çykyşynda Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy we Zähmetkeşleriň işi boýunça býuro (ACTRAV) bilen zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleriň hukuklarynyň goragyny berkitmek meselelerinde hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, halkara zähmet ülňilerini ilerletmäge, ýaşlaryň iş üpjünçiligini ösdürmäge, gender deňligini üpjün etmäge we zähmeti goramagy kämilleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň durmuş dialogyny jemgyýetçilik durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde görýändigi, şeýle-de işgärleriň bähbitleri üçin halkara hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek niýetiniň bardygy nygtaldy.