2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde uzakmöhletleýin we ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygy mundak beýläk-de berkitmek we giňeltmek maksady bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen täze resminamalara gol çekildi.
Taraplar şu aşakdaky resminamalara gol çekdiler:
- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk»;
- Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy
«Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlaşdyrylmagyny goldamak» atly taslama resminamanyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Adam maýasynyň strategik meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli ulgamy» atly Taslama resminamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-e/ Inçekesele/Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy» atly Taslamanyň resminamasyna üýtgetmek.