Ï Pakistanyň Parlament işleri boýunça federal ministri Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pakistanyň Parlament işleri boýunça federal ministri Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

view-icon 102

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudry bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit durnuklylygy we howpsuzlygy bilen bagly möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi A.Möwlamow myhmany Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. Şunda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan— bedew batly at-myradyň mekany" şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler barada aýratyn bellenildi.

Şeýle-de, ministre Türkmenistanyň sebitde durmuşa geçirýän iri energetika we infrastruktura taslamalary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu taslamalaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, sebitara arabaglanyşygy ösdürmekde hem-de Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde strategik ähmiýete eýedigi bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, maýa goýumlary we ynsanperwer gatnaşyklar ugurlarynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.