Ï Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 98
Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň medeni mirasyny gorap saklamaga we ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.