Ï Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 134
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bilen ÝUNISEF-iň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.

Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde guralan, Halkara çagalary goramagyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän häzirki we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, öňde geçirilmegi meýileşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meseleler hem garaldy.