Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ýoga güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ýoga güni bellenildi

view-icon 1096
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarynda her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününiň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

Ertirine «Tolkun» kottejler toplumynyň çägindäki çägelikde köpsanly gatnaşyjylar, şol sanda ýaşlar, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary hem-de sagaldyş merkezlerinde dynç alýan raýatlar ýygnandylar.

Ýokary derejeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda gatnaşyjylar fiziki we ruhy sagdynlygy berkitmäge gönükdirilen adaty asanalary (maşklary) ýerine ýetirdiler. Bu maşklar myşsalaryň gysylyşyny aýyrmaga, gan aýlanyşynyň gowulanmagyna, şeýle hem bogunlara we içki agzalara oňaýly täsir etmäge ýardam edýär. Asanalary statiki ýagdaýda saklamak hem-de pranaýama tejribesi bilen utgaşdyrmak ünsi jemlemegi ösdürýär, akyly ynjaldýar we duýguly deňagramlylygy dikeldýär.

Ussatlyk sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylara miweler gowşuryldy. Tälimçileriň bellemegine görä, olar işjeň maşklardan soň iýmit siňdiriş ulgamyna artykmaç agram salmazdan, energetiki deňagramlylygy ýumşak dikeltmäge we glýukoza goruny doldurmaga ýardam edýär.

Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi açylaly bäri, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekilleri bilen bilelikde her ýyl ýoga boýunça köpçülikleýin çäreleri guraýar, şeýle hem Merkezinde ýerli mugallymlary çekmek bilen yzygiderli okuw sapaklaryny geçirip gelýär.

Hazar deňziniň kenarynda şular ýaly çäreleriň eýýäm yzygiderli üç ýyl bäri geçirilip, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine saldamly goşant goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.