Ï Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada

view-icon 134
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada

2026-njy ýylyň 10–12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masuşita, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen duşuşyklar geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli syýasy dialogyň netijesinde giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Tokioda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşan ähmiýetli goşandy nygtaldy.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda döredilen dostluk toparlarynyň işjeň alyp barýan işleriniň kanunçykaryjylyk, medeni-ynsanperwer, ylmy-bilim we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşyklaryň dowamynda iki döwletiň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça hem pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, şeýle hem degişli hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere garadylar. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň Parlament forumyny geçirmek, zenan parlamentarileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bar.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygyň, hususan-da, nebitgaz we himiýa pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.