Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbögiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Awstriýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen bir hatarda, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti nygtaldy.
Geçen ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de şu ýylyň aprelinde Awstriýa saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen geçiren duşuşyklary iki ýurduň özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.
Mejlise gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine oňyn baha bermek bilen, senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk, ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
«Ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde aýratyn nygtaldy. Şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy babatda hem gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda medeni dialog yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bilim ulgamynda ylmy merkezleriň, edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem duşuşykda garalan esasy ugurlarynyň hatarynda boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, işewür toparlarynyň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.