Ï Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi

view-icon 123
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu maslahat ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm meýdança bolup hyzmat edip, sanly tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ylmy gözlegler bilen tanyşmaga şert döredýär.

Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek we onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Türkmenistan dünýäniň halkara ylmy merkezleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri, Ylymlar akademiýalary, tehnologik merkezleri bilen tejribe alyşmagy, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegi-de muny doly tassyklaýar. Munuň özi Watanymyzyň dünýäniň ylym ulgamyna işjeň goşulyşmagyna uly itergi berýär.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ylmy barlaglaryň önümçilik bilen utgaşdyrylmagy ýangyç-energetika, gurluşyk, dokma senagaty ýaly pudaklarda çig maly gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem ýardam berýär.

...Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralýan iki günlük halkara maslahata türkmen alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň birnäçe döwletleriniň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Utgaşykly görnüşde geçirilýän forumyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, hususan-da, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze taslamalar görkezildi.

Umumy mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir üstünliginiň we belent sepgitleriniň ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanýandygyny belläp, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň taryhy wakalar bilen dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini uly üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar — Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Gabibbeýli, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise prezidenti Wiktor Rudenko, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan ekologiýa we geografiýa institutynyň professory Kaiýun Guan, Italiýa Respublikasynyň Neapol şäheriniň Federiko II adyndaky uniwersitetiniň “Apple Developer” akademiýasynyň ylmy direktory Jorjo Wentre, Türki taryhy we medeniýeti gaznasynyň (TÜRKTAV) Ýerine ýetiriji direktory Asel Lahaýewa, Seul milli uniwersitetiniň professory Hýonjun Kan, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň geňeşiniň agzasy Ismail Koýunju, Müsüriň Juma Al Majid adyndaky Medeniýet we miras merkeziniň baş direktory Mohammed Kamil Gad, şeýle hem sanly ulgam arkaly Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Şawkat Aýupow, Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygy Wladimir Karanik, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow öz çykyşlarynda alyp barýan ylmy işleri barada gürrüň berdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň durnukly ösüşinde ylma, innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Şunda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň, ylmy barlaglaryň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylmy-barlag institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi zerurdyr. Häzirki zaman dünýäsinde özgertmeleriň depgini we gerimi yzygiderli artýar. Bu aýratyn-da ylymda, tehnologiýalarda aýdyň görünýär. Türkmenistanda hem akademiki ylmy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maslahat hem ylmy hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Çykyşlarda türkmen-azerbaýjan ylmy gatnaşyklaryna-da üns çekildi. Häzirki wagtda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary esasynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlarda, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýär. Azerbaýjanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkeziniň hereket etmegi iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilýändigini görkezýär. Türkmenistanda bolsa şahyr Nyzamy Genjewiniň edebi döredijiliginiň öwrenilmegi, akyldaryň eserleriniň türkmen dilinde neşir edilmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Şeýle hem ylym, bilim, innowasiýalar ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm orny barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda 2021-nji ýylda gol çekilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ähtnama ylmy gatnaşyklary ösdürmek üçin wajyp binýat bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň ylmy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Bu ugurda himiýa, oba hojalygy, genetika, seýsmologiýa, ynsanperwer ylymlar, ekologiýa, energetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Özara akademiki hyzmatdaşlyk we tejribe alşylmagy diňe bir iki ýurduň ylym ulgamyny däl, eýsem, Merkezi Aziýada umumy ylmy giňişligi ösdürmekde-de möhümdir.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda hem durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Belarusda durnukly ykdysady ösüş ýoluna düşen we öňdebaryjy özgertmeler döwrüne gadam basan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär. Ýurtlarymyzyň ylym ulgamyny ösdürmek boýunça garaýyşlary, öňde goýan maksatlary, wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary biri-birine örän ýakyndyr. Munuň şeýledigini iki ýurduň ylym ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen strategik resminamalarynda beýan edilýän wezipeler hem aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ylmy gatnaşyklar barada-da nygtaldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýalarynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parklarynyň ägirt uly intellektual kuwwatyna daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary energetika, nanotehnologiýalar, ekologiýa, sanly ykdysadyýet we döwrebap lukmançylyk pudaklaryny öz içine alýar.

Forumyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitiniň ösümlik dünýäsiniň özboluşly aýratynlyklaryna, biodürlüligi gorap saklamagyň, ekoulgamy durnukly ösdürmegiň häzirki zaman strategiýalaryna üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa köp sanly ösümlikleriň, miweli agaçlaryň we oba hojalyk ekinleriniň gelip çykan ýa-da giňden ýaýran sebitidir. Şunuň bilen baglylykda, tebigy gurşawyň durnuklylygyna howp salýan wehimleriň öňüni almakda milli seýilgähleriň, botanika baglarynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada durlup geçildi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy aýdyldy. Çykyşlarda innowasion derman serişdelerini öndürmegiň täze tehnologiýalary barada hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlary bilen adam bedenini berkidýän hem-de çydamlylygyny ýokarlandyrýan ýokary hilli bejeriş serişdelerini döretmegiň ylmy esaslaryna, bu ugurdaky ägirt uly mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi.

Halkara ylmy maslahatyň dowamynda taryhy-medeni mirasy öwrenmekde we aýawly saklamakda sanly ulgamyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň dürli ýurtlarynyň arhiwlerinde saklanýan seýrek taryhy çeşmeleri, maddy däl medeni mirasy sanly ulgama geçirmek, gaýtadan dikeltmek we olary umumy sanly platformada jemlemek boýunça alnyp barylýan işleriň türki dünýäniň intellektual kuwwatyny artdyrmakda ähmiýeti bellenildi. Şunda Türki taryhy we medeniýeti gaznasynyň (TÜRKTAV) alyp barýan işine üns çekildi.

Umumy mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular.

13-nji iýunda halkara ylmy maslahat Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika”; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary”; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasion ykdysadyýet”; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ynsanperwer ylymlar” atly bölümçelerde öz işini dowam eder.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleri we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şeýle hem myhmanlaryň ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.