Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 227

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine bugdaý uny, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty, pagta ýagy, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 244 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta ýagyny, nah ýüplügi we nah matany, pagta süýümini satyn aldylar.