Ï Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin: – Aşgabadyň hemişelik Bitaraplygy bütindünýä durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmegiň faktorydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin: – Aşgabadyň hemişelik Bitaraplygy bütindünýä durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmegiň faktorydyr

view-icon 82
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin: – Aşgabadyň hemişelik Bitaraplygy bütindünýä durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmegiň faktorydyr

Moskwa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna çuňňur hormat goýýar we Aşgabat bilen esasy meseleler boýunça yzygiderli syýasy gepleşikler geçirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Russiýanyň güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde aýtdy.

– Rus-türkmen gatnaşyklary hemişe-de özygtyýarly iki döwletiň arasynda gatnaşyk gurmagyň ölçeg ülňüsi bolup geldi. Biziň ýurtlarymyz depginli syýasy gepleşikler alyp barýarlar we halkara meseleleriň giň gerimi boýunça yzygiderli pikir alyşýarlar. Moskwa Aşgabadyň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýär, bu bolsa sebitde bütindünýä durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmekde degerli çäredir – diýip, diplomat nygtady.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy GDA-nyň 35 ýyllygyny bu möhüm wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, özüniň baş syýasy baýramyny, ýagny döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny toýlaýan Türkmenistanyň başlyklyk edýän ýylynda bellemeginiň simwolik häsiýetini-de belläp geçdi.

– Ýakynda Aşgabatda GDA-nyň iň möhüm çäreleriniň biri – GDA döwletleriniň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi bolup geçdi. Oňa Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin gatnaşdy, ony şol günüň özünde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň iň ýokary derejedäki duşuşygy-da ýetip gelýär – ol oktýabr aýynda myhmansöýer türkmen topragynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçiriler – diýip, I.Wolynkin ýatlatdy.

Ilçi çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň esasy bähbitlerine doly laýyk gelýändigini nygtady. Ol gönüden-göni Merkezi Aziýada we Hazarýaka sebitinde abadançylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.