Ï Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär

view-icon 108

Şu gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasynda degişli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ösdürilýär.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek topary bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky Teswirnama gol çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe boljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.