Ï Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak teklip edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak teklip edildi

view-icon 65
Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak teklip edildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem gatnaşdylar.

Juma namazyna gabatlap geçirilen duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Arkadag şäherinde bina edilýän ajaýyp metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky başlangyjy öňe sürüp, ony biragyzdan goldadylar. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda kabul edilip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şäheriň giň gerimli gurluşygyndaky tagallalaryna berilýän ýokary sarpany beýan edýär.

Çykyş edenler ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak däpleriniň türkmen halkynda taryhy taýdan sogap iş hasaplanýandygyny nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwürde Gahryman Hajy Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän iri taslamalarynda we başlangyçlarynda yzygiderli öz beýanyny tapýandygyny bellediler.

Maslahatlaşmalaryň netijesinde ýaşulular we din wekilleri gurulýan ruhy merkezi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmagyň maksadalaýykdygyny biragyzdan goldadylar.