Ï Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

view-icon 146

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Ras Laffan senagat zolagynda ýerleşýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.