Ï Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi

view-icon 139
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.

Iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynda durnukly oňyn ösüşiň gazanylýandygy bellenildi. Şeýle hem özara önüm üpjünçiliginiň möçberleriniň ep-esli artýandygy nygtaldy.

Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-gazak işewürler forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Türkmenistandan öňdebaryjy 40-a golaý kompaniýanyň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy bellenildi.

Forumyň dowamynda gazak tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny hödürledi. Aýratyn-da, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, farmasewtika we oba hojalyk önümçiligi ugurlarynda önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Öz gezeginde türkmen işewürleriniň wekilleri gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Çäräniň çäklerinde birnäçe anyk ylalaşyklar gazanyldy:

— «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumyna gol çekildi;

— elektron söwda ulgamynda gazagystanly «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen türkmen kompaniýalary «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda ylalaşyklar baglaşyldy;

— maýa goýum-gurluşyk pudagynda «Ashra Solutions» TОО bilen «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk gol çekildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.