Ýakynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim ýurdumyza resmi sapary amala aşyryp, hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň çäklerinde Premýer-ministriň hoşniýetli dostlugyň we çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza sport motoulagyny gowşurmagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde dabara geçirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda motosportuň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, degişli ugurlar boýunça türgenleriň taýýarlanylmagy hem-de halkara ýaryşlary geçirmek babatda döredilýän mümkinçilikler oňyn netijesini berýär. Bu bolsa awtomobil we motosport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Ynha, bu gün bolsa merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti ýene bir döwrebap tehnika bilen ýetirildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň ösüşleriň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Honda” kysymly motoulagy sowgat bermegi möhüm wakalaryň biri boldy. Munuň özi Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryna, türkmen halkyna bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Milli Liderimize sowgat beren sport motosiklini meşhur malaýziýaly sport ussady, “PETRONAS MIE Racing Honda Team” toparynda çykyş eden Haýrul Idham bin Pawiniň dolandyrandygyny nygtamak gerek. Dünýäde ykrar edilen bu ussat türgen “Super KIP” ady bilen hem meşhurdyr. Ol “World Supersport” ýaryşlarynyň abraýly tapgyrlarynyň dürli çempionatlarynda çykyş edip, ýokary ussatlygyny görkezen türgendir.
Bu motosikl “Supersport 2024” tapgyrynda dünýä çempionatyna gatnaşyp, örän çylşyrymly ýaryş şertlerinde has zerur bolan tizlik, durnuklylyk we rahatlyk görkezmeli bolanda, tehniki taýdan kuwwatly häsiýetini subut etdi. Şoňa görä-de, dünýä möçberindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin döredilen bu sport motosikli ýokary derejede berkligiň, dolandyrmakdaky dürslügiň we takyklygyň, kämillige tarap ymtylyşyň nyşanydyr. Munuň şeýledigini onuň tehniki häsiýetnamalary-da tassyklaýar. Onuň iň ýokary kuwwaty 121 at güýjüne deňdir. Şeýle ýokary tizlige eýe bolan bu sport ulagynyň sowgat berilmegi Milli Liderimize goýulýan belent hormatyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň özüne sowgat berlen motoulagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine gowşurmak baradaky çözgüdi ministrligiň ähli işgärleriniň, içeri işler edaralarynyň weteranlarynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň we türgenleriniň şatlygyna şatlyk goşan waka öwrüldi. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Içeri işler ministrligine sowgat beren motoulaglarynyň sergisi guraldy. Onda Malaýziýanyň Premýer-ministri tarapyndan berlen “Honda” motoulagyna möhüm orun berlipdir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda awtomobil sportuny we motosporty ösdürmek ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda bu ugurlary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Motosport bilen meşgullanýan ýaşlar “Honda” motoulagynyň tehniki mümkinçilikleri, onuň hereketlendirijisiniň kuwwaty, tizligini artdyrmak hem-de çalt saklamak babatdaky şertleri barada içgin gyzyklandylar. Şeýle hem türgenler täze motoulagy sürüp gördüler. Türgen Sport ulag merkeziniň türgenleşik meýdançasynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy. Motoulagyň tizligi we ykjamlygy dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda motosportuň ösdürilmegi babatda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň motoulagynyň merkeze sowgat hökmünde gowşurylmagynyň şanly waka öwrülendigini nygtadylar.