Ï Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 97

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen doganlyk gatnaşyklary hem-de strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz özara hormat goýmaga, açyklyga hem-de dostluga esaslanýan ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň baş şerti hökmünde belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlygyny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.