Ï Aşgabatda sanly özgertmeler boýunça halkara okuw maslahaty geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda sanly özgertmeler boýunça halkara okuw maslahaty geçirilýär

view-icon 147
Aşgabatda sanly özgertmeler boýunça halkara okuw maslahaty geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda iki günlük Halkara okuw maslahaty açyldy. Oňa gatnaşmak üçin «GSMA Ýewraziýa» sebitiniň tehniki ugurlar boýunça ýolbaşçysy, Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşiginiň (ITU) bilermeni Konstantin Sawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.

Okuw maslahatyň ilkinji güni işjeň häsiýete eýe boldy. Onda bllenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitiniň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleri aragatnaşykda täze döwri açýan hem-de ony has çalt we çeýe edýän täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde hemmetaraplaýyn sanly özgertmäni başdan geçirýärler. Şoňa görä-de okuw maslahatynda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň esasy ugurlary, şeýle hem hökümetiň we düzgünleşdiriji edaranyň ýurduň ýaşaýjylarynyň bähbidine täze hyzmatlary ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga degişli meseleler boýunça pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatynyň wezipeleri: Ykjam we göni aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň dürli tehnologiýalary we konsepsiýalary bilen tanyşmakdan; Häzirki we ozalky tapgyrlardaky aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, şol sanda ykjam, emeli hemra we göni usullara degişli tapgyrlaryň arasyndaky esasy tapawutlary öwrenmekden; Emeli aň esasynda aragatnaşyk ulgamlaryny awtomatlaşdyrmagyň çäreleri bilen tanyşmakdan; Dünýäde täze tehnologiýalary durmuşa geçirmegiň bar bolan mysallaryny öwrenmekden; Ýurtda täze tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga hökümetiň we düzgünleşdiriji edaranyň nähili kömek edip biljekdigine düşünmekden ybarat boldy.

Maslahatyň birinji gününde “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek we telekommunikasiýalaryň täsiri baradaky umumy garaýyşlar” boýunça çykyşlar diňlenilip, Telekommunikasiýa ulgamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maksatnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyryldy, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Ýewraziýanyň ykjam ykdysadyýeti, Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň täze ugurlaryny ösdürmegiň ählumumy ýagdaýlary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Mundan başga-da, “Giriş ulgamlarynyň simsiz-ýerüsti torlary” barada çykyşlara orun berlip, ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň döwrebap tapgyry, ykjam aragatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda simsiz göni (FWA) ulgamyndan peýdalanmagyň halkara tejribesi, simsiz aragatnaşyk ulgamlarynyň täze nesillerini önümçilige ornaşdyrmak, ygtyýarnamasyz we ygtyýarnamaly ýygylyklarda LPWAN torlaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy, şonuň ýaly-da, ýerüsti pes, orta we geostasionar orbitalardaky hemra aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlaryna syn berildi, hemra aragatnaşygyndan göni ykjam enjamlara maglumat geçirmegi ösdürmegiň mümkinçiliklerine we bu ugurda öňde durýan wezipelere garaldy.

Okuw maslahatynyň dowamyndaky çykyşlarda simli aragatnaşyk torlary barada hem durlup geçilip, şunda optiki-süýümli aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmeginiň tapgyrlary hem-de degişli optiki enjamlaryny kämilleşdirmegiň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda gozgalan meseleler boýunça sowal-jogaplar alşyldy hem-de birinji iş gününiň netijeleri jemlenildi.

Halkara okuw maslahaty dowam edýär.