5-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň wekilleri «Merkezi Aziýa-Hytaý: önümçilik, okuw, ylym we tejribe ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň Urumçy şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.
Bilim ulgamynda oňyn türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen täze resminamalara gol çekmek dabarasy maslahatyň esasy wakasy boldy.
Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Seýtnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty HHR-iň Bilim ministrliginiň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de HHR-iň Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda üçtaraplaýyn сarçuwaly Ylalaşyga gol çekdiler.

Forumyň dowamynda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilimiň, ylmyň we önümçiligiň bitewiligini gazanmak üçin ýurtda toplanan oňyn tejribeler bilen paýlaşdylar.
Forumyň maksatnamasy bilimiň, ylmyň we önümçiligiň dürli ugurlary boýunça 5 sany ylmy maslahatlaryň işini özünde jemledi, şolar Urumçy şäheriniň iri bilim merkezlerinde geçirildi.
Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň binýadynda türkmen wekilleri Merkezi Aziýada hytaýşynaslyga we sebitşynaslyga, şeýle hem hytaý dilini okatmagyň usulyýetine bagyşlanylan ylmy maslahata işjeň gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleri maslahatyň umumy we bölümçe mejlislerinde çykyş edip, milli mirasy we bütindünýä taryhyny öwrenmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetlerini kämilleşdirmek üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler, şeýle hem milli bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň çäklerinde türkmen we daşary ýurt hünärmenleri hünär tejribelerini paýlaşdylar hem-de akademiki gatnaşyklary ösdürmegiň anyk çärelerini maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň we hytaýly kärdeşleriň ikitaraplaýyn duşuşygy aýratyn ähmiýete eýe bolup, şolaryň barşynda geljegiň ýokary hünär derejeli mugallymlaryny taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň bilelikdäki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň maslahata gatnaşmagy bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny yzygiderli we üstünlikli ösdürmek ýolunda ähmiýetli ädim boldy. Foruma gatnaşmagyň netijeleri ýurt üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hem-de şunuň bilen birlikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanda 2026-2052-nji ýyllarda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasynda» öňde goýlan wezipeleri çözmekde nobatdaky möhüm goşant bolar.